Türkmenistan we sanly ulgam

796
Ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şunda milli ykdysadyýeti we onuň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, onuň netijeliligini artdyrmagyň möhüm şertidir.

Bu ugurda ýurdumyzda 2025-nji ýyla çenli döwür üçin konsepsiýa durmuşa geçirilýär. Bu konsepsiýa kabul edilen döwlet maksatnamalary hem-de geljek üçin meýilnamalar bilen utgaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň karary bilen bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmek maksady bilen degişli pudagara topar döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanlylaşdyrmagy milli ykdysadyýetimiziň ulgamlaýyn meselelerini çözmegiň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Sanly ykdysadyýet maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady iş bolup durýar. Tehnologiýa taýdan ösen ýurtlaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, sanly ykdysadyýet olara öňe ilerlemäge we dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik berdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamy kadalaşdyryş-hukuk ýagdaýy bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Şeýlelikde, «Aragatnaşyk hakynda» (2019-njy ýylda rejelenen görnüşi), «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet — hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» we beýleki Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň tassyklanandygyny bellemek gerek. Bu karara gol çekip, döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýete geçilmeginiň maýa goýum işjeňliginiň, döwlet dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň ösüşini üpjün etjekdigini belledi. Konsepsiýa ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Konsepsiýanyň ýedi baby Türkmenistanyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamynyň häzirki zaman ýagdaýyny, olaryň ösüşiniň maksatlaryny, wezipelerini, ýoluny we gurallaryny, şeýle hem garaşylýan netijeleri beýan edýär. Konsepsiýada ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň, eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň, şeýle hem hususy kärhanalaryň sanly ykdysadyýete geçiş tapgyrlary kesgitlendi.

Bu resminama kabul edilmezden ozal Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça degişli düzümi we şertleri döretmek ugrunda zerur işler ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, milli Liderimizyň tabşyrygyna laýyklykda, 2010-njy ýylda döwletiň hökümet aragatnaşygyna sanly ulgam ornaşdyryldy. Wideoaragatnaşyk we elektron resminama dolanyşygy ýola goýuldy.

Hökümet agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň, etraplaryň häkimleriniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda onlaýn tertibinde wideomaslahatlary geçirmäge mümkinçilik berýän ulgam ornaşdyryldy.

Ýurdumyzda transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň bolmagy internet akymlarynyň üstaşyr geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda maglumatlary geçirmek boýunça 5 döwletara optiki-süýümli ulgam ornaşdyryldy.

Ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda 50 Gbit/sek. ýokary tizlikli internet akymy hereket edýär. 2019-njy ýylda Türkmenistan boýunça elektron hyzmatlaryna 4 milliondan gowrak sargyt gelip gowuşdy.

Şeýlelikde, ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek üçin zerur bolan düzüm döredildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara topary döretmek hakynda» karara gol çekmegi bu ulgamda möhüm ädimleriň biri boldy, onuň baş maksady bu ugurda möhüm wezipeleri çözmekden ybaratdyr. Toparyň düzümi we onuň Düzgünnamasy tassyklandy. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlendi.

Geçen (2021) ýylyň başynda döredilen toparyň birinji mejlisi geçirildi. Şonda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça ilkinji nobatda ýerine ýetirilmeli işler we jogapkärler kesgitlendi. Mundan başga-da, ýokarda agzalan Konsepsiýany ýerine ýetirmek boýunça maksatnamanyň we meýilnamanyň taslamalary taýýarlanyldy. Şolary bu toparyň indiki mejlisinde tassyklamak göz öňünde tutulýar. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi şertnamalaýyn esasda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek arkaly döredilýän milli atlary bolan internet web-saýtlaryny bellige alar.

Häkimlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň önümçilik işini awtomatlaşdyrmak, hasaba almak we hasabyny ýöretmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri ýeňilleşdirmek, şeýle hem raýatlar üçin amatlyklary döretmek we elektron hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň e.gov.tm bir bitewi döwlet saýty döredildi.

Bu portal raýatlar we işewürler üçin elektron görnüşinde «bir penjire» döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamyny özünde jemleýär. Bu usul hyzmatlara isleg bildirýänlerden resminamalary merkezleşdirilen görnüşde kabul etmäge mümkinçilik berýär hem-de şolary taýýarlamagyň möhletlerine hem-de hyzmatlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün edýär.

Häzirki döwürde döwlet edaralarynyň hem-de kärhanalarynyň bir ýere jemlenen saýtlary her ministrligiň we pudaklaýyn edaralarynyň sanly ykdysadyýete geçmegiň derejesini anyk görkezýär. Aragatnaşyk hyzmatlary (öýjükli, telefon, IP-TV, internet) awtomobil we demir ýol ulaglary, jemagat hyzmatlary, birnäçe bank işleri boýunça tölegleri onlaýn arkaly amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Döredilen portalyň ähli gurallaryny doly herekete girizmek üçin saýtyň görkezilen bölümindäki hyzmatlary ýerine ýetirýänleriň işjeňligi zerur bolup durýar.

Ministrler Kabinetiniň fewral aýynyň başynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Aşgabatda we welaýatlarda IT-merkezlerini döretmek üçin ABŞ-nyň 10 million dollary möçberindäki serişdäniň bölünip berilýändigini habar berildi. Sanly ykdysadyýete geçmegiň maksatnamasyny ýerine ýetirmek üçin hünärmenleri taýýarlamak üçin döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli üns we goldaw berilýär.

Häzirki döwürde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Aşgabatdaky Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda «Sanly çözgüt — IT-meýdança» hojalyk jemgyýeti döredildi.

Geçen (2021) ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimliklerine, guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara we guramalara hem-de bilimi bolmadyk, telekeçilik işi bilen meşgullanýan ýuridik şahslara, hususy telekeçilere elektron resminama dolanyşygy ulgamyny, web-saýtlary bellenen tertipde döretmegi, şeýle hem olaryň işe girizilmegini we yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp durulmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42